Biz barada
Lemmer Agro 2018-nji ýyldan bäri oba hojalyk ugry boýunça işleýär. Bizde öz açyk meýdan ekin meýdanlarymyz, miweli baglarymyz hem-de Aşgabadyň golaýynda pomidor ýetişdirýän ýyladyşhanamyz bar.
Öz ýyladyşhanamyzda ulanýan asyl önümlerimizi — dökünleri we ösümlik goraýyş serişdelerini — Türkiýe, Germaniýa, Italiýa, Şweýsariýa, Belgiýa we ABŞ-dan bolan daşary ýurt kompaniýalaryndan lomaý getirýäris.
Taýýar önümleri göni dükanymyzdan satyn alyp bilersiňiz. Gerekli önüm dükanymyzda ýok bolsa, sargydyňyz boýunça 2 hepdäniň dowamynda amatly bahadan getirip berýäris.